Milli tagamlar — saçaklarymyzyň berekedi

16 Awgust 2021
582

Gojaman Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilýän deňiz şypahanasy — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we görlüp-eşidilmedik özgertmeleriň aýdyň nyşany bolup, halkymyzyň tüýs ýürekden buýsanýan, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga mahsus bolan gadymy milli däp-dessurlarymyzyň beýanyny tapan ýerine öwrüldi. Awaza öz çäklerini batly depginler bilen giňeldip, ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolýar hem-de daşary ýurtlarda oňa bildirilýän gyzyklanma has-da artýar. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça bu giň gerimli, many-mazmuny boýunça täze taslamanyň geljegine örän uly umyt baglanýandygyny we üstünliklere getirýändigini aýdyň tassyklaýar.

Giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde, bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Soňky ýyllarda Awaza halkara ähmiýetli çäreleriň hem yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň altynjy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň bäşisiniň ussat aşpezleriniň gatnaşmagynda geçirilen milli tagamlarynyň halkara festiwaly aýratyn ähmiýete eýedir.

«Aşgabat».