Ak şäherim — ak bagtym

16 Awgust 2021
766

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen has-da baýlaşdyrdy. Ýurdumyzda hem-de mermer paýtagtymyz Aşgabatda amal edilýän uly işleriň düýp mazmuny hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen belent ynsanperwer ýörelgesinde jemlenýär.

«Arkadagyň ak şäheri Aşgabat» diýlip söýgülenýän paýtagtymyz bu gün agzybir halkymyzyň mähir-söýgüsinden kemal tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Aşgabat şäherinde döwrebap hem ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, Saglyk öýleri, okuw mekdepleri we çagalar baglary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň şanly wakalaryna beslenen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çap edilmegi ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň kalbyny buýsançdan doldurdy. Kitabyň mähriban halkymyzyň guwanjyna öwrülen gözel paýtagtymyzyň ýeten belent derejeleri, dünýäniň iň täze tehnologiýalary esasynda ösdürilişi, ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalar, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen täsin binalar hakyndaky maglumatlara örän baýdygy aýratyn buýsandyryjydyr. Mundan başga-da, milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusynyň hormatly Prezidentimiziň agtygy ýaş kompozitor Kerimiň ýazan sazy esasynda aýdyma öwrülmegi paýtagt şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy.

Guwanç AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Syýahatçylyk, bilim we sport bölüminiň orunbasary.