HABARLAR

Garaşsyzlyk — ganatym

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021. Garaşsyzlyk hemde hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň kalbynda we ýüreginde erkana Watanymyzda — kuwwatly we abadan Türkmenistanda gazanylýan beýik ýeňişlerimize hemde üstünliklerimize guwanç duýgularyny döredýän, agzybirligimizi, jebisligimizi hasda pugtalandyrýan mukaddes buýsanjymyzdyr.  Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlik, uly joşgun we zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.

Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlik halkymyzyň buýsanjyny hem-de Watanymyzyň abraýyny artdyrdy

Türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň sylaglary gowşuryldy Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ösüşi üpjün etmäge hem-de dünýä bileleşigine ynamly goşulyşmagyna gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň beýik maksatlarynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. 20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Durnukly ösüş — bagtyýar durmuş

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.

Möhüm ugurda döwrebap işler

Senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu topluma degişli düzümlerde gazanylýan oňyn netijeler hem-de pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň güwäsidir. Döwletimiz senagat toplumynyň pudaklarynyň ösüşine möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň senagat toplumynyň kärhanalarynda işleri döwrebap ýola goýmak arkaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylyny üstünliklere beslemek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Degişli düzümler tarapyndan halk hojalygy üçin zerur önümleriň bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak we eksport ugurly harytlary öndürmek, dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek we gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de nou-haulary ornaşdyrmak boýunça tutanýerli işler ýola goýulýar. Munuň üçin ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylýar. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň has netijeli usullary ulanylýar we olara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler amala aşyrylýar.

Ýetilen sepgitler: ulag-logistika

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda onuň geosyýasy we geoykdysady ýerleşişi göz öňünde tutulyp, ulag pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga we bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle bolansoň, ulag-logistika pudagyny ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Döwletimiziň daşary syýasatynda täze ugruň — ulag diplomatiýasynyň kemala gelmegi onuň bu babatdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegine we täze çözgütleri tapmagyna şert döretdi. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy Merkezi Aziýa we Hazar sebitini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmegi, bitewi yklymara ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa, öz nobatynda, häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär. Şeýle ýagdaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda dolanyşygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, orta hem uzak geljekde sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berer. Türkmenistan şunuň ýaly iri taslamalary amala aşyrmak bilen, umumylaşýan dünýäde Merkezi Aziýany we Hazar sebitini Ýewropa, Orta hem Ýakyn Gündogar bilen birleşdirýän, geljekde Hytaý, Hindis

Bagtyýar günleriň buýsanjy

Beýik ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty günsaýyn ýokarlanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, yranmaz döwletliligiň nyşany bolan toý-baýramlaryň dabarasy ýurdumyzda belentden tutulýar. Eziz Watanymyzyň bagtyýar halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna barýan her bir gününi taryhy üstünliklere besleýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary gyzgyn goldaw tapýar. Türkmenistan dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda üstünliklere beslenýän ýylymyzda halkymyzy buýsandyrýan wakalar dowamat dowam bolýar. Ýakynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar buýsanjymyzy artdyrdy.

Milli medeniýetiň belent sarpasy

Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen hem-de halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň hem-de elektron petekleri we hasaba alyş kartlaryny girizmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geljek üçin wezipeleri kesgitläp, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatdaky bilimini artdyrmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmagy tabşyrdy.