Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary

19 Awgust 2021
522

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz beýik wakalara, oňyn özgertmelere beslenip, ýurdumyz uly depgin bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmeklige gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletler bilen uzak möhletli gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga gönükdirilen taslamalarynyň esasynda türkmen halkynyň, Diýarymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýy arşa galýar. Netijede, Türkmenistan bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ynsanperwerlige ýugrulan içeri hem daşary syýasaty ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun berilýän, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde işjeň orny eýeleýän ýurt hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda öz abraýyny beýgeldýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, 140-dan gowrak diplomatik gatnaşyklaryny saklaýandygy, 40-dan gowrak halkara guramalaryň agzasy bolup durýandygy muňa şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda häzirki döwürde öňe sürülýän syýasy başlangyçlardan ugur alnyp, diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä ähmiýetli işlere gönükdirilen gatnaşyklar hem ýola goýulýar. Şeýle gatnaşyklar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukukly hyzmatdaşlygyna, birek-birege hormat goýmaga, hoşniýetli goňşuçylyga, dostlukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. Döwrebap halkara gatnaşyklaryň alnyp barlyşynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary esasy orunlarda durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy uly ösüşlere, täze many-mazmuna eýe bolýar we bu babatda alnyp barylýan işler Türkmenistan bilen BMG-niň özara işjeň gatnaşyklarynyň oňyn görkezijilerine öwrülýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaralyk hukuk ýagdaýy onuň döwletara gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň açylmagyna amatly ýagdaýlary döredýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir.

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.