Möhüm ugurda döwrebap işler

20 Awgust 2021
753

Senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu topluma degişli düzümlerde gazanylýan oňyn netijeler hem-de pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň güwäsidir. Döwletimiz senagat toplumynyň pudaklarynyň ösüşine möhüm ähmiýet berýär.

Ýurdumyzyň senagat toplumynyň kärhanalarynda işleri döwrebap ýola goýmak arkaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylyny üstünliklere beslemek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Degişli düzümler tarapyndan halk hojalygy üçin zerur önümleriň bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak we eksport ugurly harytlary öndürmek, dürli maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek we gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesini üpjün etmek, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de nou-haulary ornaşdyrmak boýunça tutanýerli işler ýola goýulýar. Munuň üçin ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda pudaklaryň önümçiligine sanly ulgamlar giňden ornaşdyrylýar. Önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň has netijeli usullary ulanylýar we olara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler amala aşyrylýar.

«Watan».