Ýetilen sepgitler: ulag-logistika

20 Awgust 2021
864

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda onuň geosyýasy we geoykdysady ýerleşişi göz öňünde tutulyp, ulag pudagynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaga we bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle bolansoň, ulag-logistika pudagyny ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Döwletimiziň daşary syýasatynda täze ugruň — ulag diplomatiýasynyň kemala gelmegi onuň bu babatdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegine we täze çözgütleri tapmagyna şert döretdi.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy Merkezi Aziýa we Hazar sebitini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmegi, bitewi yklymara ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa, öz nobatynda, häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär. Şeýle ýagdaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda dolanyşygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna, orta hem uzak geljekde sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berer. Türkmenistan şunuň ýaly iri taslamalary amala aşyrmak bilen, umumylaşýan dünýäde Merkezi Aziýany we Hazar sebitini Ýewropa, Orta hem Ýakyn Gündogar bilen birleşdirýän, geljekde Hytaý, Hindistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly iri ykdysady merkezlere çykmaga mümkinçilik berýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny berkitmegi maksat edinýär.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.