Durnukly ösüş — bagtyýar durmuş

22 Awgust 2021
779

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.

«Mugallymlar gazeti».