Milli liderimiziň beýik işleri

19 Awgust 2021
745

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her güni zähmet üstünliklerine beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri bolsa  köpmilletli halkymyzyň agzybirligini,  mukaddes Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýar.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda şu ýylyň 6-njy awgustynda gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara ähmiýetli çäreler ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik gatnaşyklary işjeňleşdirmekde gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýany boldy. 

«Adalat».