Milli medeniýetiň belent sarpasy

20 Awgust 2021
725

Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen hem-de halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi.

Milli Liderimiz medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň hem-de elektron petekleri we hasaba alyş kartlaryny girizmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz geljek üçin wezipeleri kesgitläp, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatdaky bilimini artdyrmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmagy tabşyrdy.

"Nesil".