HABARLAR

Belent maksatlar rowaçlanýar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 7-nji iýul (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.

Gülläp ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, gülläp ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini ynanyşmak, özara hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ugurdaky işjeňlik bolsa, ilkinji nobatda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ählumumy bähbitleri nazarlaýan bu ýörelgeler doly durmuşa ornaşdyrylmak bilen, Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň we iş ýüzündäki anyk ädimleriniň nusga alarlykdygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyna BMG-ä agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyjyň giň goldaw tapmagynyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelere daýanýan umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen gurulýan parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak we dostluk köprüleri dur. Hormatly Prezidentimizi

Ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň möhüm ugry

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen iki gezek tassyklanyldy. Şeýle hem bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň ýöredýän ýurdumyz dünýäniň iri hem-de abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. BMG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmegi häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy hökmünde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirýär.

«Daýançdaky» döwrebap dynç alyş

Bu günler Hazaryň merjen kenary – gözel Awaza çagalaryň bagtyýarlyk mekanyna öwrülip, olaryň şadyýan gülki sesleri mawy deňziň tolkunlaryna goşulyşýar. Gül Watanyň gujagynda bagtdan paýly eýjejik çagalaryň nurana dünýäsiniň joşgunly owazlary il-günümiziň abadan-asudalygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň, rysgal-berekedimiziň nyşanydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» dynç alyş we sagaldyş merkezindäki çagalaryň her bir güni şatlyk-şowhuna beslenip geçýär. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolmak her bir ynsany diýseň buýsandyrýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary tomus möwsümindäki dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem ýatdan çykmajak wakalara besleýärler. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň kenary — gözel Awaza jenneti keşbi, jana tenekar howasy, ajaýyp tebigaty bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, bu ýerde dynç alýan çagalaryň her sagady aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Tebigy täsinlikleri bilen göreni haýrana goýýan deňiz kenary, Awaza, balykgulaklar hakynda mekdepde öwrenen, teleýaýlymlarda gören täsinliklerini bu gün öz gözleri bilen synlamak bagtyna eýe bolan çagalaryň bu künjege söýgüsi artýar. Çaga kalplarynyň heýjanly duýgulary bilen goşulyşyp, tans edýän mawy tolkunlar bolsa, olaryň deňiz hakyndak

Halkara mediaforum geçirildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwer ugurly halkara derejeli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, ykdysady-medeni çäreleriň geçirilýän şäheri hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Öňňin hem ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen duşuşyk geçirildi.

Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde özüniň özbaşdak daşary syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öz ornuny, ýol-ýörelgelerini tapmaga çalyşdy. 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.  Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndak

Umumadamzat gymmatlygy

Hoşniýetli başlangyçlaryň ykrarnamasy

Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarydygyny görkezdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir gezek aýdyň beýany boldy.