«Daýançdaky» döwrebap dynç alyş

4 Iýul 2021
1912

Bu günler Hazaryň merjen kenary – gözel Awaza çagalaryň bagtyýarlyk mekanyna öwrülip, olaryň şadyýan gülki sesleri mawy deňziň tolkunlaryna goşulyşýar. Gül Watanyň gujagynda bagtdan paýly eýjejik çagalaryň nurana dünýäsiniň joşgunly owazlary il-günümiziň abadan-asudalygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň, rysgal-berekedimiziň nyşanydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» dynç alyş we sagaldyş merkezindäki çagalaryň her bir güni şatlyk-şowhuna beslenip geçýär. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolmak her bir ynsany diýseň buýsandyrýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary tomus möwsümindäki dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem ýatdan çykmajak wakalara besleýärler.

Mälim bolşy ýaly, Hazaryň kenary — gözel Awaza jenneti keşbi, jana tenekar howasy, ajaýyp tebigaty bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, bu ýerde dynç alýan çagalaryň her sagady aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Tebigy täsinlikleri bilen göreni haýrana goýýan deňiz kenary, Awaza, balykgulaklar hakynda mekdepde öwrenen, teleýaýlymlarda gören täsinliklerini bu gün öz gözleri bilen synlamak bagtyna eýe bolan çagalaryň bu künjege söýgüsi artýar. Çaga kalplarynyň heýjanly duýgulary bilen goşulyşyp, tans edýän mawy tolkunlar bolsa, olaryň deňiz hakyndaky düşünjeleriniň berkemegine aýratyn täsir edýär.

Akmaral WELIÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.