Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk

24 Iýun 2021
2076

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde özüniň özbaşdak daşary syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öz ornuny, ýol-ýörelgelerini tapmaga çalyşdy. 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar. 
Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga çagyrýandygy bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär» diýlip bellenilýär.
Türkmen Bitaraplygy sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar» diýip belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň daşary syýasaty hil taýdan täze, ýokary derejä galdy. Onuň sebitdäki, şeýle hem halkara ýagdaýlara oňaýly täsiri günsaýyn artyp başlady. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyzyň milli bähbitleriniň we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda çuňňur oýlanyşylan daşary syýasy strategiýasynyň işlenilip düzülmegi bilen gönüden-göni baglydyr. Şol strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren we tutuş adamzadyň öňünde duran meseleleriň çözülmegine gönükdirilen köp sanly, örän möhüm daşary syýasy başlangyçlarynda, olaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde özüniň aýdyň subutnamasyny tapdy.
Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam bermäge, BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge, sebitde we onuň daşynda goňşuçylyk gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmäge, dawalary we gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol arkaly çözmäge, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilýär we bütin dünýäniň halkara bähbidini araýar. Bu daşary syýasat ugruny ata Watanymyz doganlyk ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary hem-de abraýly halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek arkaly amala aşyrýar. Häzir biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa we Hazar sebitindäki döwletler bilen däp bolan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, Orta we Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerindäki, Ýewropa we Amerika yklymlaryndaky ýurtlar bilen hem hoşmeýilli gatnaşyklary alyp barýar. 
Ýokarda agzalan mysallaryň ählisi Türkmenistanyň global ösüş döwrüniň we müňýyllygyň maksatlaryny we meselelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanylýandygyny tassyklaýar. Çünki Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy umumadamzat ähmiýetli gymmatlykdyr.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir. Bitaraplyk döwletimize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açan gudratly güýçdür.
Dünýäde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny barha rowaçlandyrýan milli Liderimiziň il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe üstünliklere beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.

Maýsa Kurbanowa
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.