Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döredijiligiň hem-de ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen buýsançly ýol Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli beýik işlerine beslendi.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler parahatçylyga, ynanyşmaga we deňhukukly gatnaşyklara badalga berýär. Durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda agzybirlik, deňhukuklylyk we ruhubelentlik bar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyga we ynanyşmaga binýat bolýan başlangyçlar biziň her birimizi buýsandyrýar. Munuň özi bize geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär.