Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, gülläp ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini ynanyşmak, özara hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ugurdaky işjeňlik bolsa, ilkinji nobatda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ählumumy bähbitleri nazarlaýan bu ýörelgeler doly durmuşa ornaşdyrylmak bilen, Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň we iş ýüzündäki anyk ädimleriniň nusga alarlykdygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyna BMG-ä agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyjyň giň goldaw tapmagynyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelere daýanýan umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen gurulýan parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak we dostluk köprüleri dur.
Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilige gönükdirilen syýasatynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy we agzybirlikli, halal zähmet çekmegi netijesinde has-da rowaçlanýandygy buýsançlydyr. Çünki üstümizdäki ýyl hem ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüniň bir ýyly bolmak bilen, öz ýazgysynda giň gerimli özgertmeleriň tutuş toplumyny jemleýär. Olaryň ählisi-de Watanymyzyň kuwwatyny we halkara abraýyny has-da artdyrmaga, il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.