Halkara mediaforum geçirildi

1 Iýul 2021
1798

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwer ugurly halkara derejeli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, ykdysady-medeni çäreleriň geçirilýän şäheri hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Öňňin hem ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

«Mugallymlar gazeti».