Ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň möhüm ugry

4 Iýul 2021
1880

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen iki gezek tassyklanyldy. Şeýle hem bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilendir.

Parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň ýöredýän ýurdumyz dünýäniň iri hem-de abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. BMG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmegi häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy hökmünde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirýär.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory.