HABARLAR

Belent üstünlikleriň şuglasy

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň paýtagty kämil watansöýüjiligiň hem şäheridir. Çünki bu ýerde amala aşyrylýan ýurdumyz, tutuş sebit we Ýer ýüzi bilen bagly asylly işler hormatly Prezidentimiziň watançylyk taglymatyndan we mähriban Diýarymyza bolan egsilmez söýgüsinden gözbaş alýar. Şonuň üçin-de Aşgabat şäherimiziň durkunda tutuş Watanymyzyň ýüzi, nurana keşbi görünýär. Hut şonuň üçin hem eziz paýtagtymyza ýurdumyzyň ýüregi diýilýär. Uzak ýyllary öz içine alan ösüş ýolunda hem ýurduň buýsançly merkezi bolan Aşgabat şäherimizi köp asyrlyk taryhymyzyň menzillerine degişli gymmatlyklar bezeýär. Bu ýerde merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ömür ýoluny, geçilen taryhy menzilleri nesillere ýetirýän we dünýä ýaýýan iri muzeýler, medeni ojaklar ýerleşýär. Olarda mähriban Watanymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary aýawly saklanyp, buýsançly taryhyň şaýatlary hökmünde geljege geçirilýär.

Esasy Kanunymyz — döwrebap ösüşiň binýady

Hukuk ulgamynda geçirilen oňyn özgertmeler, gazanylan guwandyryjy üstünlikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini dabaralandyryp, amala aşyrýan taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň hökmürowanlygyny ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňligini, adamyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygydygyny, adam hukuklarynyň milli kanunçylyk ulgamy tarapyndan kepillendirilýändigini aýdyň görkezýär. Hukuk ylmynda özygtyýarly döwlet häkimiýetine jemgyýetiň jemlenen erk-isleginiň beýany hökmünde garalýar. Hukuk döwleti, ilki bilen, döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsan mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde görülmegini aňladýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip belleýär. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, jemgyýetiň ösüşiniň her bir täze basgançagy adam hukuklaryny üpjün etmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, her bir döwl

Ulag ulgamy: häzirkizaman giňişligindäki giň mümkinçilikler

Ýurdumyzyň üstaşyr ýük geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz gümrük gullugynyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Olary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gümrük işi çygryndaky milli kanunçylygymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, oňa daşary ýurtly ýük daşaýjylar, şol sanda konteýnerli ýük daşaýjylar üçin ýurdumyzyň çäginde ýük daşamakda amatly şertleri we ygtybarly hukuk esaslaryny göz öňünde tutýan düzgünler girizildi. Şonuň ýaly-da halkara konwensiýalaryndan ugur alnyp, geçen ýyl ýurdumyzda ýük daşaýjylar we logistik kompaniýalar, şol sanda multimodal ýük daşamagy, konteýnerli ýük daşamagy amala aşyrýan şahslar, ýük alyjylar we eksport edijiler üçin ýük amallaryny geçirmekde amatly şertleri göz öňünde tutýan gullugyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem birnäçesi kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň gümrük edaralarynda gümrük amallary sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa sarp edilýän wagty gysgaldýar. 2020-nji ýylyň başyndan gümrük gullugynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy işe girizilip, serhetde üstaşyr deklarasiýasyny hem-de ulag serişdeleriniň giriş

Parahatçylyk ýoly — bagtyýarlygyň şuglasy

Eziz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny kalbymyza besleýän günlerimizde ýurdumyzyň beýik ösüşlerine tüýs ýürekden buýsanýarys. Şeýle ajaýyp döwürde ýurdumyz parahatçylyk ýörelgesini dünýä ýaýýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan dünýäde uly abraý-mertebä eýedir. Ýurdumyz baky Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup, dünýä we umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň ençeme ýüzýyllyklardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwerlige ýugrulan asylly däplerini hem-de medeni mirasymyzyň baý çeşmelerini özünde jemleýär. Onuň esasynda ynsanperwerlik, adalatlylyk, ruhubelentlik ýaly baş ýörelgelerimiz bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzy durmuşa geçirmek bilen, häzirki zaman ösen demokratik raýat jemgyýetimizi kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolýarys. Şeýle giň mümkinçilikler üstünlikleriň, rowaçlyklaryň hem-de ösüşleriň gözbaşydyr. Şunuň ýaly öňdengörüjilikli we giň göwrümli syýasat milli ykdysadyýetimiziň geljekki gülläp ösüşleriniň girewidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanylan beýik ösüşleriň ählisiniň esasy we mizemez da

Beýik ösüşleriň ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen diplomatik, işewür, ylmy we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly tagallalary edýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ösüş üçin giň mümkinçilikler açylýar. Türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynda şöhlelenýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy ugry halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk giňeltmäge we ösdürmäge, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan meseleler boýunça başlangyçlary beýan etmäge hem-de olary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, has-da pugtalandyrmak, halklaryň arasynda ynanyşmagy rowaçlandyrmak öňde goýlan belent maksatlardyr.

Umumadamzat bähbitli işler

Parahatçylygy dünýä ýaýmak, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa ornaşdyrmak bagtyýarlyk döwrümiziň asylly ýörelgesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi baky Bitaraplyk syýasatymyzyň asylly ýörelgesi bolup, ählumumy parahatçylygy has-da ösdürmäge uly goşantdyr. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ählumumy parahatçylykdyr, bagtyýarlykdyr. Özem belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt! Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy hem durnukly ösüşi gorap saklamak, has-da pugtalandyrmak, rowaçlandyrmak ýaly belent ynsanperwer maksatlar bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny indi çärýek asyr bäri gyşarnyksyz berjaý edýär, özüniň bu abraýly orna mynasypdygyny kemsiz subut edip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan häzirki döwürde adamzadyň bähbidine esaslanýan başlangyçlar bilen işjeň çykyş edýär. Baky Bitarap Watanymyzyň halkara derejede gazanan syýasy üstünliklerini, ýeten mertebeli menzillerini älem görýär, d

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 7-nji maý (TDH). Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň (CAREC) taslamasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

2021-nji ýylyň apreli: Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan saýlap alan ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, köpugurly halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Şol hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýär. Bu babatda şu ýylyň aprel aýynyň wakalary hem uly ähmiýete eýe boldy. Geçen aýda geçirilen syýasy we işewür duşuşyklar, gepleşikler, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, halkara forumlar we maslahatlar, beýleki möhüm wakalar ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň milli Liderimiziň başyny başlan we üstünlikli amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli iş alyp barýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 6-njy maý (TDH). Şu gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy.

Türkmenistan – BMG: strategik hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty Türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde öňe sürüpdi. Dürli ugurlar boýunça işlemek üçin özboluşly edara bolan Sebit merkezi döwrüň möhüm meseleleri boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşýar. Kararnamada bu merkeziň Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalary, BMG-niň ýurt boýunça toparlary, gapma-garşylyklaryň öňüni almak meselelerinde Parahatçylyk gurluşygy gaznasy, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň we zenanlaryň jemgyýetdäki, syýasatdaky hem-de ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen we ýolbaşçy zenanlaryň toparyny okatmak üçin öňüni aly