Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

25 Aprel 2021
2086

Beýik taryha eýe bolan türkmen halky asyrlarboýy parahatsöýüjiligi, hoşniýetliligi, dost-dogana ygrarlylygy ýaly birnäçe päk ahlak ýörelgeleri bilen şöhratlanypdyr. Umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu ynsanperwer ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we dünýä döwletleri bilen ýola goýlan özara gatnaşyklarynyň esasy binýady hasaplanylýar.

Bu ynsanperwer ýörelgeler Milli Liderimiziň bimöçber aladalary netijesinde gadymy milli gymmatlyklara eýerilip, işjeň ýöredilýär. Her bir halkyň öz däp-dessurlary, milletine, häsiýetine kybapdaş ýörelgeleri bar. Şol aýratynlyklary çuňňur öwrenip, Merkezi Aziýa sebitini parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnuklylygyň merkezine öwürmekde bolsa oýlanyşykly, yzygiderli syýasatyň alnyp barylmagy esasy zerurlyga öwürýär. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ylalaşdyryjylyk diplomatiýasy boýunça baý tejribe toplanylyp, netijeli işleriň durmuşa geçirilendigini buýsanç bilen belläp geçmek gerek. Sebit döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň merjen paýtagtymyzda bolmagy hem ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji, özara ynanyşmagy berkidiji başlangyçlaryna, daşary syýasatymyzyň netijeliligine dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Sülgün SAÝYLOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.