Parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

29 Aprel 2021
1684

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz şanly wakalara, oňyn özgertmelere beslenýär, ýurdumyz ösüş bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde döwletimiziň halkara abraýy arşa galýar.

Türkmenistan Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylyk, azyk howpsuzlygy, ekologiýa abadançylygy, gender deňligi we energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilişinde howpsuzlygy gazanmak meseleleri boýunça yzygiderli çykyş edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary bu gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde bu abraýly gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Maksatberdi GURBANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.