«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan belleniler. Bu ajaýyp seneler halkymyzyň bagtyýarlygyny, eziz Diýarymyzyň ösüşli ýollaryny aýdyň beýan edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Baky Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, abadançylygy, hoşniýetli goňşuçylygy ýörelge edinýän Türkmenistan barha belent üstünliklere eýe bolýar. Bu günki gün ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesi has-da ýokarydyr. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň her bir parasatly başlangyjynyň, çuňňur paýhasa ýugrulan taglymatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygyndan hem aýdyň göz ýetirýäris.