Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

7 Maý 2021
1673

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

AŞGABAT, 6-njy maý (TDH). Şu gün BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde onlaýn duşuşyk geçirdi. Ol ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak meselelerine bagyşlandy.