Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar.
Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de ynanyşmak eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan halkara giňişliginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleriniň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar.