Parahatçylyk ýoly — bagtyýarlygyň şuglasy

13 Maý 2021
2009

Eziz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny kalbymyza besleýän günlerimizde ýurdumyzyň beýik ösüşlerine tüýs ýürekden buýsanýarys. Şeýle ajaýyp döwürde ýurdumyz parahatçylyk ýörelgesini dünýä ýaýýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan dünýäde uly abraý-mertebä eýedir. Ýurdumyz baky Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup, dünýä we umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň ençeme ýüzýyllyklardan bäri dowam edip gelýän ynsanperwerlige ýugrulan asylly däplerini hem-de medeni mirasymyzyň baý çeşmelerini özünde jemleýär. Onuň esasynda ynsanperwerlik, adalatlylyk, ruhubelentlik ýaly baş ýörelgelerimiz bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzy durmuşa geçirmek bilen, häzirki zaman ösen demokratik raýat jemgyýetimizi kämilleşdirmek üçin ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolýarys. Şeýle giň mümkinçilikler üstünlikleriň, rowaçlyklaryň hem-de ösüşleriň gözbaşydyr. Şunuň ýaly öňdengörüjilikli we giň göwrümli syýasat milli ykdysadyýetimiziň geljekki gülläp ösüşleriniň girewidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanylan beýik ösüşleriň ählisiniň esasy we mizemez daýanjy halkymyzyň ata Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi we ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşýan goşandydyr.

Gülruh MÄMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.