HABARLAR

Baý­da­gyň be­lent­dir dün­ýäň öňün­de

Dünýäde ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň şanly senesiniň BMG-niň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegi ata-babalarymyzyň parahat söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ykrar edilmegidir. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň çuňňur manysyny «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halkara Bitaraplyk gününi halkymyz uly ruhubelentlik bilen dabaraly belleýär. Bu baýramyň şanyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda baýramçylyk çykyşlary we dabaralary guralýar». Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berlenden soň, döwletimiziň Baýdagynda zeýtun baldajyklary ýerleşdirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy döwletiň hemişelik Bitaraplyk derejesini ýurdumyzyň döwlet nyşanynda beýan etmäge hökmanylygy döretdi. Şonuň üçin 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» hakyndaky Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Bi­ta­rap­lyk söh­be­ti («Sonlamajak söhbetler» atly makalalar toplumyndan)

Hemişelik Bitaraplyk — mukaddes gymmatlyk

Watan hakda söz açylanda, seriň hemişe buýsançdan dolýar. Ilkinji nobatda hem, döwletliligimizi aňladýan mukaddes nyşanlar — baýdak, tugra, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz biziň üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy. Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly uly gymmatlykdyr. Gahryman Arkadagymyz: «Eger-de, milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýyşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär. Dünýä ýüzünde dürli-dürli döwürlerde özüni Bitarap hökmünde yglan eden ençeme döwletler bolupdyr. Türkmenistan döwletimiziň gazanan Bitaraplyk derejesi bulardan düýpgöter tapawutlanýar we ol halkara syýasatynda täze bir ýoly, ugry görkezýär. Biziň Bitaraplygymyz iň iri halkara guramasy bolan BMG tarapyndan, oňa agza döwletleriň ählisiniň biragyzdan makullamagy esasynda gazanyldy. Dünýäde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ilkinji döwlet Türkmenistandyr. Bu bolsa halkara syýasatynda täze bir sahypanyň açylandygyny buşlady. Bu biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan uly syýasy üst

«Dialog — parahatçylygyň kepili»: Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara forumda hormatly Prezidentimiz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmegi teklip etdi. Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesini giňden bellän Türkmenistan ýene-de bir uly baýramyny belledi: 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolup durýan 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen gazanan hemişelik Bitaraplyk derejesine 26 ýyl boldy. Türkmenistanyň bu halkara hukuk ýagdaýy daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi we özenidir. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky degişli Kararnamasy hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky täzeden goldanan Kararnamasy bilen ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şundan görnüşi ýaly, bu baýram, Garaşsyzlyk baýramyndan soňra, döwlet derejesindäki iň uly baýramdyr.

Milli gymmatlyklaryň sarpasy

Gahryman Arkadagymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda baky Bitaraplygymyzyň çuňňur manysynyň milli ýörelgeler, mirasymyz bilen bagly taraplaryny açyp görkezdi. «Taryha ser salsaň, Bitaraplygyň halkymyzyň milli ruhy bitewüligi, iň asylly häsiýetleri, ýörelgeleri, şu günki günde bolsa dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglydygyny görmek bolýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň çykyşyndan halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklaryna egsilmez söýgi eriş-argaç bolup geçýär. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, edermen türkmen alabaýlary şol gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyz hakdaky oý-pikirleriňe ganat berýär.

Baky bagtyýarlygyň mukamy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze, ajaýyp goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlara düşündirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri özleriniň belent borjy saýýarlar. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde bilim-terbiýeçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň täze şygrynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şahyrana eseri ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli ulus-ilimize özboluşly sowgat boldy. Bu goşgynyň özeninde çuňňur many jemlenýär. Onda Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi, halklaryň dost-doganlykda, agzybirlikde ýaşamagy bilen bagly çagyryş dabaralanýar, ynsanperwerlik wagyz edilýär. Milli Liderimiziň täze goşgusynyň uly gyzyklanma döretmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Ýaşasyn parahat durmuş!

Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna, Beýik Zeminiň hakyna, Saklanalyň, adamlar!

Bagtyň ikinji ady

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, dünýä bileleşigi 1995-nji ýylda birinji gezek, 2015-nji ýylda ikinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesini ykrar etdi. Elbetde, 26 ýyl taryh üçin örän gysga möhlet. Emma ömrüň manysynyň ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen ölçenilişi ýaly, çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, aýdylyşy ýaly, asyrlyk işlere barabardyr. Şol ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna milli we umumadamzat ähmiýetli möhüm wakalaryň köp sanlysy ýazyldy. Üçünji müňýyllyk adamzat durmuşyny bütinleý özgertdi. Külli ynsanyň bagtyýar durmuş baradaky röwşen arzuw-umytlarynyň ählisi parahatçylyk we bitaraplyk diýen mukaddes düşünjelerde öz beýanyny tapdy. Çünki parahatçylyk her ýüregiň, her ojagyň, her döwrüň, döwletiň küýsegi. Ilçilikde gurgun, abadan-asuda hojalyga bagtly maşgala diýilmesi bar. Bagtyň ikinji bir ady parahatçylykdyr. Şol bagtyň diňe özünde däl-de, goňşusynda, bütin ilinde-gününde bolmagyny köňül goýup islemek bolsa,

Dostlugyň täze keşbi

Bütin dünýäniň ähli ösüşleriniň özeninde parahat durmuş bar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, parahatlyk — ýürek baýdagy. Parahatlyk syýasatyna esaslanýan ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik Bitaraplyk syýasatymyzyň baş ýörelgeleri bolup, dost-doganlygyň täze keşbini äleme wagyz edýär. Milli Liderimiz islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hem millilige ýugrulan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, sabyrlylyk we ynsanperwerlik däpleri giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içerki gurluşynyň mäkäm sütünine daýanmak bilen, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar. Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen daşary syýasatymyzyň dünýä arenasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkara gatnaşyklarynyň özeni bolup durýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna gabat gelýändigini bellemek gerek.

Durnukly ösüşiň mizemez binýady

Eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmegiň, halkara guramalar bilen köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm, ygtybarly guraly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, turuwbaşdan halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny berkitmegiň bähbidine gönükdirilendir. Çünki türkmen Bitaraplygy — munuň özi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we parahatçylyksöýüjilige daýanýan döwlet syýasatymyzyň bir bitewi aňlatmasydyr. Gahryman Arkadagymyz mähriban halkyna, Garaşsyz Watanymyza bolan mizemez söýgüsinden dörän «Bitarap Türkmenistan» kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmeniň milli ahlagyndan, geçmişinden we geljegine bolan beýik ynamyndan alyp gaýdýandygyny giňişleýin düşündirýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza beren bu serpaýynda dünýä tejribesinde kemala gelen we ykrar edilen Bitaraplygyň milli türkmen nusgasynyň daşary syýasatda tutuş dünýäniň parahatçylygyny, asudalygyny saklamaga we döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat edýändigi dogrusynda hem aýratyn nygtalýar.