Milli gymmatlyklaryň sarpasy

24 Dekabr 2021
2044

Gahryman Arkadagymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda baky Bitaraplygymyzyň çuňňur manysynyň milli ýörelgeler, mirasymyz bilen bagly taraplaryny açyp görkezdi.

«Taryha ser salsaň, Bitaraplygyň halkymyzyň milli ruhy bitewüligi, iň asylly häsiýetleri, ýörelgeleri, şu günki günde bolsa dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglydygyny görmek bolýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň çykyşyndan halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklaryna egsilmez söýgi eriş-argaç bolup geçýär. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, edermen türkmen alabaýlary şol gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyz hakdaky oý-pikirleriňe ganat berýär.

Ogultäç PENAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.