Hemişelik Bitaraplyk — mukaddes gymmatlyk

25 Dekabr 2021
2031

Watan hakda söz açylanda, seriň hemişe buýsançdan dolýar. Ilkinji nobatda hem, döwletliligimizi aňladýan mukaddes nyşanlar — baýdak, tugra, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz biziň üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy. Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly uly gymmatlykdyr. Gahryman Arkadagymyz: «Eger-de, milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýyşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär.

Dünýä ýüzünde dürli-dürli döwürlerde özüni Bitarap hökmünde yglan eden ençeme döwletler bolupdyr. Türkmenistan döwletimiziň gazanan Bitaraplyk derejesi bulardan düýpgöter tapawutlanýar we ol halkara syýasatynda täze bir ýoly, ugry görkezýär. Biziň Bitaraplygymyz iň iri halkara guramasy bolan BMG tarapyndan, oňa agza döwletleriň ählisiniň biragyzdan makullamagy esasynda gazanyldy. Dünýäde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ilkinji döwlet Türkmenistandyr. Bu bolsa halkara syýasatynda täze bir sahypanyň açylandygyny buşlady. Bu biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan uly syýasy üstünlikleriniň biridir.

Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy