«Dialog — parahatçylygyň kepili»: Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy

24 Dekabr 2021
1881

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara forumda hormatly Prezidentimiz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesini giňden bellän Türkmenistan ýene-de bir uly baýramyny belledi: 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolup durýan 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen gazanan hemişelik Bitaraplyk derejesine 26 ýyl boldy. Türkmenistanyň bu halkara hukuk ýagdaýy daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi we özenidir. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky degişli Kararnamasy hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky täzeden goldanan Kararnamasy bilen ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şundan görnüşi ýaly, bu baýram, Garaşsyzlyk baýramyndan soňra, döwlet derejesindäki iň uly baýramdyr.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».