Döwletli tutumlar rowaçlanýar

22 Dekabr 2021
1518

Gadymy türkmen topragy bu gün bagy-bossanlyga, bagtyýarlygyň mekanyna öwrülip, barha gözelleşýär. Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň bir döwlete gulluk etmek baradaky ýürek arzuwlary, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara geçip gelen döwletlilik pelsepesi Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrüldi. Ýurdumyzda bitirilýän beýik işler bu günki günde jümle-jahany haýran galdyrýar. Isle, Hazara bar, Jeýhuna bar, isle Pendi çölünde gez, Ahal ýaýlalaryna seýran eýle, Was düzlüginde gadymyýetiň yzlaryny synla, ösüşlere we özgerişlere, gözelliklere gözüň düşýär.

Bu joşgunly buýsançdan doly göwünlerde dillerimize şirinden-şirin sözler zybana gelýär. Ine, şeýle şirin sözler bolsa Täze, 2022-nji ýylymyzy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklipde jemlenýär. Agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiz bilen ykbaly göterlip, beýik ösüşlere barýandygy bu günki günde älem-jahana mälimdir. Häzirki wagtda Türkmenistan, türkmen halky, türkmen topragy diýen sözler dünýäniň geografik giňişliklerine ýaýrap, ol dünýä halklarynyň ýüreginde parahatçylyk söýüji we dost-doganlyga gol berýän ajaýyp düşünje hökmünde özüni görkezýär. Türkmenistan diýlende, umumadamzat ýaşaýşynyň ebedi asudalygyny, dünýä döwletleriniň jebisligini we şol jebislik bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ähli halklaryň eşretli, bolçulykly durmuşyny üpjün etmekligi gazanmaklygy baş maksat edinýän döwlet göz öňüňe gelýär.

Aýşat GÖJENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.