Bitaraplyk — berkararlygyň daýanjy

19 Dekabr 2021
1443

Şu ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentligine barýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji merkez hökmündäki ornuny ýene bir ýola äşgär etdi. Maslahatyň dabaraly umumy mejlisine milli Liderimiziň gatnaşmagy we bu ýerde eden taryhy çykyşy baky Bitarap döwletimiziň sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlary ugrunda amala aşyrýan syýasatynyň gyşarnyksyz häsiýete eýediginiň, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Mundan 26 ýyl öň ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu waka halkara diplomatiýanyň täsin hadysasyna hem-de ähli watandaşlarymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Netijede, bu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşiginiň işlerinde özboluşly hukuk ulanyş tejribesi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Bitarap döwletiň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, öz döredijilik we ylalaşdyryjylyk kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar. Şonuň üçin-de, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mysalynda «bitaraplyk» we «öňüni alyş diplomatiýasy» düşünjeleriniň özara baglanyşygy aýdyň görünýär, munuň özi anyk işlerde öz beýanyny tapdy.

Aýgül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.