Bi­ta­rap­lyk söh­be­ti («Sonlamajak söhbetler» atly makalalar toplumyndan)

25 Dekabr 2021
2059

Hä­zir­ki za­man­da ta­ryh iň bir mö­hüm ylym­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýer ýüzüniň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek bi­len, Ýe­riň hä­si­ýe­ti­ne göz ýe­tirilýär hem-de adam­za­dyň er­tir­ki gü­nü­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy­ny kes­git­le­mä­ge sy­na­ny­şyk­lar edil­ýär. Ýe­riň ta­ry­hy onuň ösüş­le­ri­niň dö­wür­le­ri­ni, dö­rän gü­nün­den şu gü­ne çen­li on­da bo­lup ge­çen mö­hüm wa­ka­la­ry aý­dyň­laş­dyr­ýar. Ol bol­sa gel­jek­ki müň­ýyl­lyk­la­ra ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Edil şo­nuň ýa­ly, her bir ýurt hem öz ta­ry­hy­ny has iç­gin öw­ren­mä­ge, onuň iň bir şöh­rat­ly sa­hy­pa­la­ry­ny aý­dyň­laş­dyr­ma­ga ýyk­gyn ed­ýär. Se­bä­bi ýur­duň ta­ry­hy şol ýurt­da ýa­şa­ýan halk­la­ryň yk­ba­ly­dyr. Hal­kyň ta­ry­hy her nä­çe çuň, ga­dy­my, şöh­rat­ly bol­du­gy­sa­ýy hal­kyň yk­ba­ly hem esas­ly, berk bin­ýat­ly, röw­şen bol­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da, aý­ra­ty­nam, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men ta­ry­hy­ny iç­gin öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň esa­syn­da hem şol ha­ky­kat ýa­tan­dyr. Ge­çen gys­ga döw­rüň için­de biz ta­ry­hy­my­zyň kök­le­ri­niň asyr­la­ra däl, müň­ýyl­lyk­la­ra uzap gid­ýän­di­gi­ni öw­ren­dik, oňa göz ýe­tir­dik. Bu gün Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy di­ňe bir türk­men ta­ryh­çy­la­ry­nyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň alym­la­ry­nyň hem ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Se­bä­bi on­da­ky ýag­ty sa­hy­pa­lar beý­le­ki halk­la­ryň ta­ry­hy­nyň sa­hy­pa­la­ry­na ýal­kym saç­ýar, dö­wür­le­ri­ni, wa­ka­la­ry­ny ýag­ty­lan­dyr­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy türk­men mil­le­ti­niň ab­ra­ýy­dyr, mer­te­be­si­dir. Mil­le­tiň ab­raý-mer­te­be­si­niň hä­zir­ki za­man­da dün­ýä sah­na­syn­da be­lent bol­ma­gy, bir ta­rap­dan, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­nyň şöh­rat­ly­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Ikin­ji ta­rap­dan bol­sa, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ýö­rel­gä öw­rü­len ata-ba­ba urp-adat­la­ry­nyň, däp-des­sur­la­ry­nyň bu gün tä­ze rö­wüş­de za­ma­na­bap do­wam ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. «Eý­sem, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­nyň şeý­le şöh­rat­ly bol­ma­gy nä­mä da­ýan­ýar­ka?» di­ýen so­wa­la ýe­ke söz­de BI­TA­RAP­LYK di­ýip jo­gap ber­mek hem müm­kin­dir.

Ak­mu­ham­met HE­MI­DOW,
«Di­ýar».