HABARLAR

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21...+23° maýyl, gündizine +36...+38° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm. Çyglylygy 10-30 %.

Tebigatyň arassalygy — esasy wezipe

Bagym bar — barym bar

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bilen däp bolşy ýaly, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda döwlet derejesinde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Bu däp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna ideg etmek ýaly maksatlara gönükdirilendir. Milli Liderimiziň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek barada Karara gol çekmegi ählimizi buýsandyrdy. Bag ekmek çäresinde müňlerçe düýp bag nahallary — saýalyk, miweli, bezeg agaç nahallary, güller oturdylýar. Bag ekmek tebigatymyzyň gözelligine görk goşmak bilen birlikde, gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyz hakynda hem alada etdigimiz bolýar. Baglar töwerege gelşik, gözellik bermek bilen çäklenmän, eýsem, howany hem arassalaýar. Öň bar bolan baglaryň idegi ýetirilýär, agardylyp düýpleri ýumşadylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňeldilýär. Sanlyja ýyllaryň dowamynda oturdylyp, günsaýyn boý alýan bag nahallary bu günki gün oba-şäherlerimiziň daş-töweregini, gara ýollaryň gyralaryny bezeýär. Bu bolsa halkymyzyň zähmetiniň miwesiniň nyşanydyr.

Mi­we­çil ba­lyk

Ama­zon to­ka­ýy Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň Ama­zon bas­seý­ni­niň köp bö­le­gi­ni öz içi­ne al­ýan Ama­zon bio­myn­da ýer­leş­ýän çyg­ly, giň tro­pi­ki to­kaý­dyr. Şo­lar­dan 5 mil­li­on 500 müň ine­dör­dül ki­lo­met­ri to­kaý­lyk bi­len ör­tü­len­dir. Bu se­bit do­kuz ýur­da de­giş­li we res­mi taý­dan yk­rar edi­len 3 müň 344 ki­lo­metr meý­da­ny öz içi­ne al­ýar. To­ka­ýyň 60 gö­te­ri­mi Bra­zi­li­ýa­da, 13 gö­te­ri­mi Pe­ru­da, 10 gö­te­ri­mi Ko­lum­bi­ýa­da we ga­lan bö­le­gi Bo­li­wi­ýa, Ek­wa­dor, Fran­si­ýa Gwia­na­sy, Ga­ýa­na, Su­ri­nam we We­ne­sue­la ýa­ly ýurt­lar­da ýer­leş­ýär. Ama­zon pla­ne­ta­nyň ýa­gyş to­ka

Sähra jandary

Türk­men top­ra­gy – ha­zy­na mes­ge­ni. Onuň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si bo­lup, Ýer as­tyn­da giz­lin ýa­tan gen­ji-ha­zy­na­sy­nyň sa­ny-sa­ja­gy ýok­dur. Säh­ra­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan iç­ýan hem türk­men top­ra­gyn­da köp duş gel­ýän jan­dar­la­ryň bi­ri­dir. Jan­dar­la­ryň ara­syn­da zä­her­li­le­ri­niň hem peý­da­ly ta­rap­la­ry bo­lup, ola­ryň zä­he­ri adam sag­ly­gy üçin ni­ýet­le­nen der­man önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýar.Dün­ýä­de iç­ýan­la­ryň, tak­my­nan, 75 müň gör­nü­şi bel­li­dir. Ola­ryň 50-den gow­ra­gy zä­her­li­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär. Ýur­du­myz­da zä­her­li iç­ýan­la­ryň sa­ry we ga­ra gör­nü­şi bar. Ül­kä­miz­de duş gel­ýän beý­le­ki iç­ýan­la­ryň hiç bi­ri hem zä­her­li däl­dir.Iç­ýan­lar ada­ty ýag­daý­da 5-10 san­ti­met­re, kä­bir uly we­kil­le­ri 20 san­ti­met­re ýet­ýän oňur­ga­syz­lar­dyr. Ga­dy­my Mü­sür­de iç­ýan­la­ra mu­kad­des jan­dar hök­mün­de ga­rap­dyr­lar. Ola­ryň ady­ny gö­ter­ýän ýyl­dyz to­pa­ry hem bar. Iç­ýan­lar, köp­lenç, gi­je­le­ri­ne awa çyk­ýar­lar. Olar bir ýa­rym ýy­lyň için­de ulal­ýar­lar we 8-10 ýyl ýa­şa­ýar­lar. Iç­

Tohumlary miwesiniň daşynda

Her möw­süm özi bi­len mi­we­si­ni alyp gel­ýär. Şeý­le mi­we­le­riň ara­syn­da iň ha­la­nyl­ýan­la­ry­nyň bi­ri hem ýer­tu­da­na­dyr. Bu dat­ly miwe ro­za­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, to­hum­la­ry mi­we­si­niň da­şyn­da ýer­leş­ýär. Dün­ýä­de tä­jir­çi­lik mak­sa­dy bi­len iň köp ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu mi­wä­niň dü­zü­min­de örän köp muk­dar­da C wi­ta­mi­ni bar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da ýer­tu­da­na­lar ha­kyn­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi mü­wes­sa bil­dik: Her ýer­tu­da­na­nyň daş ýü­zün­de 200 tö­we­re­gi to­hum bar.Onuň 90 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy suw­dur.Bu mi­wä­niň to­hum­la­ry bi­len baş­ga gör­nüş­li mi­we­ler hem ýe­tiş­di­ril­ýär.Bir ki­log­ram ýer­tu­da­na­nyň dü­zü­min­de bir ki­log­ram li­mon­da­ky­dan has köp şe­ker bar.Dün­ýä­dä­ki iň uly ýer­tu­da­na­nyň ag­ra­my 250 gram bo­lup, ol 2015-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di.Ame­ri­ka­ly alym­lar ba­lyk ge­ni­ni san­jym edip, gök reňk­li ýer­tu­da­na­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler.He­niz do­ly biş­me­dik wag­ty ýer­tu­da­na

Hoz agajy

Ösümlikler tebigatyň ynsanlara beren peşgeşi, eçilen uly baýlygydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýabany ösümlikleri öwrenmek, olary gorap saklamak, medeni ösümlikleri köpeldip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly üns berilýär. Ösümlikleri öwrenmek we olary gorap saklamagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek alymlaryň esasy wezipeleri bolup durýar. Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, ýurdumyzda ösümlikleriň 7 müňden gowrak görnüşi bolup, olaryň 4 müňe golaýy pes, 3 müňden köprägi bolsa ýokary derejeli ösümliklerdir. Şolaryň arasynda gündelik durmuşda ulanylýan dermanlyk, ot-iýmlik, boýag, efir ýagyny berýän, gurluşyk enjamlaryny taýýarlamakda we beýleki maksatlar üçin ulanylýan gymmatly ösümlikler hem köp. Iýmit üçin ulanylýan ýabany ösümlikleriň arasynda otjumak, ýarym gyrymsy, gyrymsy hem-de agaç görnüşleri bar. Aýratyn hem, ir-iýmişli agaçlar Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde köp ösýär. Ol ýerlerde hozuň, badamyň, üzümiň, injiriň gür ösýän meýdanlaryna duş gelmek bolýar. Ylmy maglumatlara görä, ýurdumyzyň iýmit senagatynda ulanylýan ýabany iýmitlik ösümlikleriň 42 görnüşi dagda bitýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 20-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Hiňlenýän tolkunlaryň mesgeni

...Hazaryň kenar ýakasynda durup seredeniňde, deňziň uç-gyraksyz giňişligi aňyrsy-bärsi görünmeýän gök asman bilen sepleşip ýitip gidýär. Göýä asman zemini gaplap alan ýa-da deňiz göge galan ýaly. Gögüň hem deňziň mawy reňkiniň goşulyp utgaşmagy bilen dörän bu gözellige haýran galýarsyň. Tebigatyň döreden gözelligine syn edip, şypa beriji, arassa howadan dem alyp, behişdi ýeriň kenar ýakasynda gezelenç edýän pursatyň mawy deňziň üstünden öwüsýän şemalyň üýtgeşik owazyny eşidýärsiň. Megerem, kalbyňda täsin duýgulary döredýän, ajaýyp mukama çalymdaş ýeliň rahatlandyryjy, jadyly owazy halk arasynda bu ýerleriň «awaz», ýagny owaz diýlip atlandyrylmagyna getirendir. Aýlaw-aýlaw bolup çyrpynýan, kenara pagşyldap urunýan tolkunlaryň üstünden öwüsýän şemalyň mahmal owazy birenaýy hüwdä çalymdaş. Duýgularyňdan saplaýan, endam-janyňy rahatlandyrýan bu täsin ýere «Hiňlenýän tolkunlaryň owazy, mesgeni» diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Ene tebigat perzendini mährem goýnuna dolap, pessaýja hiňlenip hüwdüleýän mysaly. Tyllaýy Günüň ýalkymy düşýän deňziň üstünden öwüsýän mylaýym şemal emaý bilen ýüzüňi sypaýar. Sen şonda gözel tebigatyň müňde-bir syrynyň saklanyp galan ýerinde çaga kimin meýmiräp, hüwdiniň imrikdiriji owazyna ma