Guşlaryň täsin gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Dünýäniň köp halklarynyň milli döredijiliginde we ruhy garaýyşlarynda guşlar wajyp orny eýeläpdir. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda-da guşlaryň ähmiýeti uludyr. Olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, tohumlaryny ýaýradýarlar. Ösümlikleriň köpelmegine, ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Şeýle guşlaryň biri-de çil käkilikdir.
Çil käkilik Köpetdagda, şeýle hem Köýtendagyň hemme ýerinde duşýar. Ol maral käkilikden kiçi, bedeneden ulurakdyr. Reňki çalymtyl — «çöl reňkli» bolup, horazynyň arkasy çyparrak gülgünedir. Çil käkilikler beýleki käkiliklerden kiçidigi, aýaklarynyň, çüňküniň agymtyllygy, bokurdagynda ak tegmiliň ýokdugy bilen tapawutlanýar.