Tebigatyň arassalygy — esasy wezipe

20 Awgust 2021
1155

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda ýola goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar, munuň özi adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar. Bu işleriň amala aşyrylmagynda bolsa Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň möhüm orny bar. Bu babatda ady agzalan jemgyýet tarapyndan uly möçberli, netijeli işler hem-de halkara derejedäki gatnaşyklar alnyp barylýar.

Golaýda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hem-de onuň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda şäherimiziň görküne görk goşýan «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda okuw maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatyny ilat arasynda wagyz etmek hem-de USAID-iň ýörite taslamasy esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işleri halka ýetirmek maksady bilen geçirilen okuw maslahatyna welaýatymyzyň dürli edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyny TTGJ-niň başlygy Serdar Allekow açyp, gün tertibi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de edara tarapyndan Watanymyzyň tebigatynyň arassaçylygyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda gürrüň berdi. Soňra şu jemgyýetiň baş hünärmeni Leýli Şihmädowa çykyş edip, ýurdumyzda tebigatyň arassalygy, onuň goraglylygynyň möhüm wezipe bolup durýandygy, oňa aýawly çemeleşmegiň hemmeleriň borjudygy dogrusynda belläp geçdi. Okuw maslahatynyň dowamynda TTGJ-niň bölüm müdiri Merdan Arazmedow halkara taslama esasynda Türkmenistanda ekologiýa uly zyýan ýetirýän plastik gaplaryň zyýany, olary gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi hem-de hemmeleri bu taslama goşulyşmaga çagyrdy. Plastik gaplary gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan taslama hemmelerde gyzyklanma döretdi.