Hiňlenýän tolkunlaryň mesgeni

19 Awgust 2021
1161

...Hazaryň kenar ýakasynda durup seredeniňde, deňziň uç-gyraksyz giňişligi aňyrsy-bärsi görünmeýän gök asman bilen sepleşip ýitip gidýär. Göýä asman zemini gaplap alan ýa-da deňiz göge galan ýaly. Gögüň hem deňziň mawy reňkiniň goşulyp utgaşmagy bilen dörän bu gözellige haýran galýarsyň. Tebigatyň döreden gözelligine syn edip, şypa beriji, arassa howadan dem alyp, behişdi ýeriň kenar ýakasynda gezelenç edýän pursatyň mawy deňziň üstünden öwüsýän şemalyň üýtgeşik owazyny eşidýärsiň. Megerem, kalbyňda täsin duýgulary döredýän, ajaýyp mukama çalymdaş ýeliň rahatlandyryjy, jadyly owazy halk arasynda bu ýerleriň «awaz», ýagny owaz diýlip atlandyrylmagyna getirendir. Aýlaw-aýlaw bolup çyrpynýan, kenara pagşyldap urunýan tolkunlaryň üstünden öwüsýän şemalyň mahmal owazy birenaýy hüwdä çalymdaş. Duýgularyňdan saplaýan, endam-janyňy rahatlandyrýan bu täsin ýere «Hiňlenýän tolkunlaryň owazy, mesgeni» diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Ene tebigat perzendini mährem goýnuna dolap, pessaýja hiňlenip hüwdüleýän mysaly. Tyllaýy Günüň ýalkymy düşýän deňziň üstünden öwüsýän mylaýym şemal emaý bilen ýüzüňi sypaýar. Sen şonda gözel tebigatyň müňde-bir syrynyň saklanyp galan ýerinde çaga kimin meýmiräp, hüwdiniň imrikdiriji owazyna maýyl bolýarsyň. Ynha, muňa bolsa täsin tebigatyň tebigy sazlaşygynyň ajaýyplygy diýilýär.

Gülnabat JUMAKOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.