Bagym bar — barym bar

20 Awgust 2021
1390

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bilen däp bolşy ýaly, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda döwlet derejesinde bag ekmek dabarasy geçirilýär. Bu däp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ekilen bag nahallaryna ideg etmek ýaly maksatlara gönükdirilendir. Milli Liderimiziň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek barada Karara gol çekmegi ählimizi buýsandyrdy.

Bag ekmek çäresinde müňlerçe düýp bag nahallary — saýalyk, miweli, bezeg agaç nahallary, güller oturdylýar. Bag ekmek tebigatymyzyň gözelligine görk goşmak bilen birlikde, gymmatly baýlygymyz bolan saglygymyz hakynda hem alada etdigimiz bolýar. Baglar töwerege gelşik, gözellik bermek bilen çäklenmän, eýsem, howany hem arassalaýar. Öň bar bolan baglaryň idegi ýetirilýär, agardylyp düýpleri ýumşadylýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňeldilýär. Sanlyja ýyllaryň dowamynda oturdylyp, günsaýyn boý alýan bag nahallary bu günki gün oba-şäherlerimiziň daş-töweregini, gara ýollaryň gyralaryny bezeýär. Bu bolsa halkymyzyň zähmetiniň miwesiniň nyşanydyr.