Gadymy Jeýhunyň kenarlaryna ýanaşyk ýerleşýän Garagum we Gyzylgum sähralary türkmen halkynyň bahasyz baýlygydyr. Olar özboluşly tebigaty, özüne mahsus baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle-de gurak, yssy howa şertleri bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýar. Biz bular barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow bilen söhbetdeş bolduk.
— Söhbedimizi goraghananyň çägindäki sähra ösümlikleri baradaky gürrüňden başlaýalyň!