HABARLAR

Totuguşlar barada bilýärsiňizmi?

Mähriban çagalar, sahypamyzyň şu sanynda size totuguşlara ideg edilişi barada gürrüň bermekçi. Totuguşlaryň iýmitini, suwuny wagtly-wagtyna çalşyp, iýip-içişine, özüni duýşuna gözegçilik edip durmaly. Ketejigini arassalap, aram-aram iýip-içýän gabyny gyzgyn suw bilen ýuwmaly. Şeýle-de, otagyňyzyň äpişgedir gapylaryny ýapyp, günüň dowamynda 2-3 sagat otagyň içine goýbermeli. Guşuň ýanynda gaty ses bilen aýdym aýdylsa ýa-da tozan sorujy işledilse, gorkmagy, näsaglamagy mümkin. Totuguşuň ketegini Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde goýmak maslahat berilmeýär. Olar oýnawaç oýnamagy halaýarlar. Ketejige salan oýnawaçlaryňyzy wagtal-wagtal çalşyp dursaňyz, guşjagaz täze oýnawaç bilen güýmener. Onuň ýüregi gysmaz ýaly söhbetdeş bolsaňyz, ketejiginiň içinde sallançak, aýnajyk, jaňjagaz asyp goýsaňyz gowy görýändir.

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. DÖWLETLI BAŞLANGYJA BADALGA BERILDI

Tebigaty aýalyň!

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde el bilen döredilen ýaýlalar gök öwüsýär. Çünki daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak ýurt syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Gözel tebigatyň bezegi

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurdan ýurdumyzda hemmetaraplaýyn we düýpli ylma esaslanýan işler yzygiderli durmuşa geçirilip, gözel tebigatymyz goralýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag oturtmak işleri asylly däbe öwrüldi. Geçen şenbe güni ýurdumyzda bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, tokaý hojalyklarynda, her ýylda bolşy ýaly, taýýarlykly gelindi. Güýz möwsüminde oturdyljak bag nahallary öňünden taýýarlanylyp, olara aýratyn ideg edilýär. Şeýlelikde, bag oturdylan ýerine mazaly uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda gowy janlanyp ugraýar. Bag oturtmak dabarasyna türkmen halkynyň uludan-kiçä ähli raýatlarynyň agzybirlik bilen gatnaşmagy mähriban topraga söýgini, ata Watanymyzy jennet mekana öwürmek baradaky ýörelgelerini özünde jemleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ekilýän bag nahallary tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşar, ekologiýa abadançylygyny üpjün eder. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, bag ekmek gadymy t

Eziz Diýar — bagy-bossan

Te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ýur­du­myz­da şä­her­le­riň we oba­la­ryň tö­we­rek­le­ri­ni, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ry­ny ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan «Türk­me­nis­tanyň Mil­li to­kaý Mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yn­ha, 6-njy no­ýabr­da ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Şeý­le äh­mi­ýet­li da­ba­ra türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­lik bi­len gat­naş­ma­gy asyl­ly däp­le­re we ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny özün­de jem­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Mu­nuň özi yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak we do­ly de­re­je­li ýa­şa­ýyş hem-de dynç alyş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek we­zi­pe­le­rin­den yba­rat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň d

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 08-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 40 — 60 %. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 718 mm, çyglylygy 45 — 65 %. 

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Tebigat hakdaky pikirler

■ Tebigatda hiç hili tötänlik ýokdur. ■ Tebigaty goramak — Watanyňy goramak.

Tebigata gözellik we tämizlik ýaraşýar

Şu gün ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşýarlar. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysyny ekmek boýunça bahar paslynda geçirilen bag ekişligiň dowamydyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak işleriniň güýzki tapgyrynda hem saýaly we miweli daragtlaryň millionlarça düýbi ekiler. Ildeşlerimiziň bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeň goşulmaklary Watana bolan söýgüleriniň tebigat bilen sazlaşykly utgaşýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň başynda ekilen daragtlar eýýäm topraga köklerini mäkäm urdular. Nahallaryň müňlerçesi ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň we söýgüsiniň nyşany bolup ösýär. Geçen ýyllarda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň etegindäki 8 gektar çemesi ýeri eýeleýän meýdanda, Çärjew etrabynyň çägindäki saglyk ýolunyň ugrunda, täze gurlup, ulanylmaga berilýän binalaryň daş-töwereklerinde bag daragtlarynyň uly toplumy döredi. Şäherlerimiz we ola