Gözel tebigatyň bezegi

7 Noýabr 2021
1195

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurdan ýurdumyzda hemmetaraplaýyn we düýpli ylma esaslanýan işler yzygiderli durmuşa geçirilip, gözel tebigatymyz goralýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag oturtmak işleri asylly däbe öwrüldi. Geçen şenbe güni ýurdumyzda bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, tokaý hojalyklarynda, her ýylda bolşy ýaly, taýýarlykly gelindi. Güýz möwsüminde oturdyljak bag nahallary öňünden taýýarlanylyp, olara aýratyn ideg edilýär. Şeýlelikde, bag oturdylan ýerine mazaly uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda gowy janlanyp ugraýar. Bag oturtmak dabarasyna türkmen halkynyň uludan-kiçä ähli raýatlarynyň agzybirlik bilen gatnaşmagy mähriban topraga söýgini, ata Watanymyzy jennet mekana öwürmek baradaky ýörelgelerini özünde jemleýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ekilýän bag nahallary tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşar, ekologiýa abadançylygyny üpjün eder. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, bag ekmek gadymy topraga adyňy müdimi ýazmakdyr. Zähmetsöýer pederlerimiz gadym döwürlerden bäri ajaýyp baglary döretmegiň inçe syrlaryny öwrenipdirler hem-de nesilden-nesle miras galdyrypdyrlar.

Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar