Eziz Diýar — bagy-bossan

7 Noýabr 2021
1126

Te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ýur­du­myz­da şä­her­le­riň we oba­la­ryň tö­we­rek­le­ri­ni, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ry­ny ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan «Türk­me­nis­tanyň Mil­li to­kaý Mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yn­ha, 6-njy no­ýabr­da ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Şeý­le äh­mi­ýet­li da­ba­ra türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­lik bi­len gat­naş­ma­gy asyl­ly däp­le­re we ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny özün­de jem­le­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Mu­nuň özi yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak we do­ly de­re­je­li ýa­şa­ýyş hem-de dynç alyş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek we­zi­pe­le­rin­den yba­rat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dün­ýä de­re­je­li fo­rum­lar­da, şol san­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­rin­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry daş­ky gur­şa­wyň hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ral­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Bu parasatly baş­lan­gyç­lar hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň giň gol­da­wy­na my­na­syp bo­lup, bi­le­lik­dä­ki eko­lo­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­nyň hem-de mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de äh­mi­ýet­li­dir. Bu gün dün­ýä bi­le­le­şi­gi ýur­du­my­zyň tu­tuş adam­zat üçin bäh­bit­li daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly wa­jyp me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ne goş­ýan ön­jeý­li go­şan­dy­ny yk­rar ed­ýär. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, ýer-suw se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy, çöl­leş­mä gar­şy gö­reş, ýer­le­riň şor­laş­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak we Ha­zar deň­zi­niň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­ni sak­la­mak hem-de baş­ga bir­nä­çe me­se­le­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Mä­lik­mu­ham­met ÇA­RY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Ösüm­lik­le­ri go­ra­mak gul­lu­gy­nyň bö­lüm mü­di­ri.
Beýleki habarlar