Daragtlaryň saglyga täsiri

5 Noýabr 2021
1142

Şu gün ýurdumyzda güýzki bag ekişligine badalga berilýär. Bu sogaply işe biziň okuw mekdebimiziň talyplary we mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Biz mekdebimiziň ýerleşýän köçesiniň ugrunda we howlusynda miweli we saýaly daragtlaryň nahallarynyň ýüzlerçe düýbüni oturtmagy göz öňünde tutýarys . Bu nahallaryň köpüsi mekdebimiziň howlusynda ýetişdirilýär. Biz her möwsümde ekýän daragtlarymyzyň estetiki bezegine, daşky gurşawa we ynsan saglygyna ýetirýän täsirine aýratyn üns berýäris. Şuňa görä arça, söwüt, derek ýaly daragtlaryň we olaryň miweleriniň käbiriniň saglyga ýetirýän täsiri we bejerijilik häsiýeti dogrusynda söz açmagy makul bildik.

Arçanyň miwesi we pürleri dermanlyk maddalara baýdyr. Onuň miwesi gyzdyrma, degna dartgynlygy, guragyry, gijilewük, demrew ýaly keselleri bejermekde gadymdan bäri ulanylyp gelýär. Arçanyň efir ýagyndan taýýarlanylýan çalgy ýagy deri kesellerinden saplanmakda, böwrek kesellerini we garnagyryny bejermekde peýdalanylýar. Arça ýagynyň ysy siňekleri ürküzýär hem-de zyýansyzlandyryjy serişde bolup hyzmat edýär.

Gülçehra JURAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar