Tebigata gözellik we tämizlik ýaraşýar

5 Noýabr 2021
1315

Şu gün ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşýarlar. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysyny ekmek boýunça bahar paslynda geçirilen bag ekişligiň dowamydyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak işleriniň güýzki tapgyrynda hem saýaly we miweli daragtlaryň millionlarça düýbi ekiler. Ildeşlerimiziň bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeň goşulmaklary Watana bolan söýgüleriniň tebigat bilen sazlaşykly utgaşýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň başynda ekilen daragtlar eýýäm topraga köklerini mäkäm urdular. Nahallaryň müňlerçesi ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň we söýgüsiniň nyşany bolup ösýär.

Geçen ýyllarda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň etegindäki 8 gektar çemesi ýeri eýeleýän meýdanda, Çärjew etrabynyň çägindäki saglyk ýolunyň ugrunda, täze gurlup, ulanylmaga berilýän binalaryň daş-töwereklerinde bag daragtlarynyň uly toplumy döredi. Şäherlerimiz we olaryň etekleri, ýaşaýan we işleýän ýerlerimiz, ýollaryň boýlary bagy-bossanlyga bürenýär. Amyderýanyň boýlarynda, Garagumuň sähralarynda, Köýtendag sebitlerinde ösümlik dünýäsi barha baýlaşýar. Her ýylyň ýazynda we güýzünde köpçülikleýin ekilýän bag daragtlary tomus aýlarynda saýa berse, ýylyň dowamynda howanyň tämiz bolmagyny hem üpjün edýär. Olaryň daş-töwerege gelşik berip durşuny synlanyňda bolsa ruhuň galkynyp, göwnüň göterilýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar