Baglar — täsin dünýä

4 Noýabr 2021
1313

Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň tutuş meýdanynyň 38 million kwadrat kilometrinden gowragyny tokaýlyklar eýeleýär. Ýöne bu san ýyl geldikçe azalýar. 200 ýyl öň bu san 60 göterime deň bolupdyr. Ine, şunuň özi-de bag ekmegiň wajyplygynyň ýönekeýje görkezijisidir. Biz hem agaçlar bilen baglanyşykly käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

2017-nji ýylda dünýä ýüzündäki agaçlaryň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri halk köpçüligine hödürlenildi. Ol «Global Tree Search» onlaýn maglumat bazasynda internet okyjylaryna elýeterli edildi. Bu ählitaraplaýyn baha berlişige gatnaşan alymlar muzeýlerdäki, botanika baglaryndaky, oba hojalyk merkezlerindäki maglumatlaryň esasynda häzirki wagtda dünýäde agaçlaryň 60 müň 65 görnüşiniň bardygy baradaky netijä geldiler. Olaryň ýarysyndan gowragy diňe aýratyn bir ýurtda ösýän agaçlardyr. Braziliýa, Kolumbiýa we Indoneziýa agaçlaryň iň köp görnüşleriniň ösýän ýurtlarydyr. Endemik (diňe bir ýurtda ösýän) agaçlar Braziliýada, Awstraliýada, Hytaýda, Gwineýada we Madagaskarda köpdür. Munuň özi olaryň beýleki ýurtlar bilen arasynyň suw arkaly açyklygy bilen baglanyşyklydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Perhat ÇUNGUŞOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar