HABARLAR

Pagtaçylara sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň guramagynda etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Bu dabaraly duşuşyga kärendeçiler, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri we ýygymçylar gatnaşdylar. Gysga wagtlyk dynç alyş mahaly bolan duşuşykda pagtaçylara pagta ýygymyny öz wagtynda guramaçylykly geçirmekde üstünlik arzuw edildi. Duşuşykda pagta ýygymy möwsüminiň nobatdaky ongünlüginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Degişli döwürde aýratyn tapawutlanan kombaýnçylara, pagta daşaýjy awtoulag sürüjilerine hem-de ýokary netije görkezen kärendeçilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Eli ýüwrük ýygymda belli

Altyn güýzüň gyzgalaňly günlerinde daýhanlaryň öz gyssaglary özlerinde. «Ak altynly» meýdanlarda yhlasly zähmetleri, maňlaý derleri bilen ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan arzyly pellä ýetmek olaryň esasy maksatlary bolup durýar. Halaç etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň zähmet adamlary hem ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak üçin gujur-gaýrata galýarlar. Gowaçaly meýdanlarda iş depgini günsaýyn güýçlenýär. Daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileri 905 gektar gowaça ekilen meýdandan 2642 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýärler. Hasylyň ýygnalyş depgininden çen tutanyňda hem olaryň bu asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine şübhe galmaýar. Eýýäm biziň baran günümiz daýhan birleşiginiň döwlete pagta tabşyrmak baradaky meýilnamasy ýarpa golaýlan eken. Daýhan birleşiginiň başlygy Nurýagdy Mamedow daýhanlaryň gowaçanyň bereketli tohumyny topraga sepenlerinden bäri bol hasyl ýetişdirmek üçin yhlas bilen zähmet çekýändiklerini aýdýar. Olaryň zähmeti ýerine düşüpdir. Şu ýyl ekilen gowaçanyň «Ýolöten-39» görnüşi bol hasylyny eçilipdir.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Yhlasly zähmetiň miwesi Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. “Daýhandan hereket — toprakdan bereket” diýlişi ýaly, yhlasyny siňdirip, halal zähmet çekýäne topragyň berekedini bolluk bilen eçilýändigine oňat düşünýän ýer eýeleri jogapkärçilikli işleýärler. Olar şu günlerde ak gunduz kimin pagtalary ýygnamak, gant şugundyryna ideg etmek işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de bugdaý ekişini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Daýhan zenanyň buýsanjy

Her kimde bir käre bolan söýgi, ynam döreýär. Ýaşlykdan gursakda orun tutan arzuwy Ýagşygüli öz erkine goýmaýar. Orta mekdebi tamamlap, ol bereketli meýdana örküni baglaýar. Ejesiniň ýanynda pagta ýyganda hem Ýagşygül 3-nji toparyň ýygymçylarynyň arasynda guralan özara ýaryşlarda ýeňiji boldy we baýrakly orunlary eýeledi. 1994-nji ýylda Tagtabazar etrabynyň “Saryýazy” daýhan birleşiginde Ýagşygül Bakyrowa ilkinjileriň biri bolup, 5 gektar ekerançylyk ýeri kärendesine aldy. Uly ynam, aýdyň maksat Ýagşygüle her ýyl üstünlik getirdi. Ol 5 gektarynyň 3 gektaryna gowaça ekip, bol pagta hasylyny alsa, 2 gektardan ýokary hilli guşgursak ak bugdaý hasylyny aldy.

Gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar

Ekin meýdanlarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bereketli pagta hasyly kemala geldi. Edermen pagtaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen “ak” altynyň” bol hasylyny zaýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak şu günüň jogapkärli wezipesi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlara berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan daýhanlarymyz pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Etrabymyzyň beýleki daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, biziň daýhan birleşigimiziň pagtaçylaram möwsüme ykjam taýýarlykly gelip, pagta ýygymy günsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Çünki, pagtaçy kärendeçiler üçin jüýje sanaşylýan güýz pasly başlandy. Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan “ak altynyň” bereketli hasylyny isrip etmän ýygnap almak daýhanlaryň wajyp wezipesi. Şu wezipeden ugur alýan daýhan birleşigimiziň pagtaçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Ýygymyň ilkinji günlerinde gowy görkezijileri gazanýan kärendeçilerimiziň üstünlikleri bizi guwandyrýar. Olar maşgala agzalarynyň, kömekçileriniň goldawyna daýanyp, kemala gelen pagta hasylyny ýygnamakda yhlas edýärler. Aýratynam, ene topraga siňdirýän halal zähmetinden rysgal-döwlet, bagt tapan kärendeçilerimiziň Watan harmanyna tabşyrýan “ak altynynyň” mukdar

Şalynyň bereketli hasyly

Şu günler welaýatymyzyň şaly meýdanlarynda bereketli hasyly zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 4450 gektar ýerde şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Munuň üçin kärendeçileriň 192 sanysy arly tomus yhlaslaryny gaýgyrmadylar. Daýhan birleşiginiň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, şu ýyl şaly oragynda 60-a golaý ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň işledilýändigini, şonuň netijesinde şalyçy kärendeçilerden düzülen 10 toparyň ählisinde-de oragyň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şalyçy kärendeçiler Wepa Öräýewiň 12, Sapa Hojamberdiýewiň 13, Jahangül Gummanowanyň 30, Şamuhammet Aşyrowyň 2 gektar ýerinden gektaryna ortaça 50 — 55 sentner şaly hasyly tabşyrylypdyr.

Welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Yhlas — üstünligiň açary Ata-babalarymyzyň daýhançylyk bilen baglanyşykly «Tohum al-da ýere bar...» diýen pähimli sözi bar. Bu islendik ekinden bol hasyl almak üçin, ilki bilen, onuň ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň derwaýysdygyny aňladýar. Köp ýyllaryň, uly tejribäniň synagyndan geçen şeýle ýörelgeden ugur alýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlarynyň şu günlerdäki esasy aladasy, agzybirlikli tagallalary ene topraga basym bugdaý tohumyny atmaga gönükdirilýär.

Herekete — bereket

Zähmetiň joşýan ýerinde Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhananyň giň hem tämiz howlusynda hereket birjik-de togtamaýar. Nowalary «ak altyndan» doly ulaglar yzly-yzyna gelip, ýörite gapanlaryň üstünde saklanýarlar. Täze hasylyň agramy çekilenden soň, ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada pagtanyň hili kesgitlenýär.  

Ýygymyň depgini güýçlenýär

Bereket etrabynyň «ak altyn» ussatlary pagta ýygymynyň depginini barha güýçlendirýärler. Etrabyň daýhan birleşiklerinde şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçileriň sany gün-günden artýar. «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň pagtaçy daýhanlarynyň «ak altynly» pellerindäki joşgunly zähmeti synlanyňda hem göwnüň göterilýär. Daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Döwletmämmet Gazakbaýewiň 4 gektar kärende ýeriniň her gektaryndan harmana tabşyran hasyly 40 sentnerden geçdi. Meretgylyç Garajaýewiň 10 gektar kärende ýerinden harmana goşan hasyly 27 tonnadan gowrak boldy. Kärendeçiler Perhat Garaýewiň 12 gektardan alan hasyly 23 tonnadan, Nurly Gulatarowyň 5 gektardan alan hasyly bolsa 10 tonnadan geçdi. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşigimiz boýunça 650 gektar meýdandan 800 tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ekin meýdanlarymyzda her gün ir säherden öndürijilikli zähmet joş urýar. Pagta hasyly entek kän. Meýdanlardaky hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap alarys — diýip, «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň başlygy Goýunly Goýunlyýew gürrüň berýär.

“Ak altyn” — 2024

Armalary ýetirilýär Wekilbazar etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem ekleýjimiz hasaplanýan ene topraga bar yhlasyny siňdirip, guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Olar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin gijelerini gündiz edip, meýdanda zähmet çekdiler. Bu günki günde çekilen zähmet özüniň ajaýyp netijesini hem berdi. Pagtaçy kärendeçiler gunduz ýaly açylan pagtalary yrýa etmän, çalt we ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin ir ertirden giç agşama çenli ýadawsyz zähmet çekýärler.