Gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar

16 Oktýabr 2024
331

Ekin meýdanlarynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bereketli pagta hasyly kemala geldi. Edermen pagtaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen “ak” altynyň” bol hasylyny zaýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak şu günüň jogapkärli wezipesi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlara berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan daýhanlarymyz pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Etrabymyzyň beýleki daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, biziň daýhan birleşigimiziň pagtaçylaram möwsüme ykjam taýýarlykly gelip, pagta ýygymy günsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Çünki, pagtaçy kärendeçiler üçin jüýje sanaşylýan güýz pasly başlandy.

Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan “ak altynyň” bereketli hasylyny isrip etmän ýygnap almak daýhanlaryň wajyp wezipesi. Şu wezipeden ugur alýan daýhan birleşigimiziň pagtaçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Ýygymyň ilkinji günlerinde gowy görkezijileri gazanýan kärendeçilerimiziň üstünlikleri bizi guwandyrýar. Olar maşgala agzalarynyň, kömekçileriniň goldawyna daýanyp, kemala gelen pagta hasylyny ýygnamakda yhlas edýärler. Aýratynam, ene topraga siňdirýän halal zähmetinden rysgal-döwlet, bagt tapan kärendeçilerimiziň Watan harmanyna tabşyrýan “ak altynynyň” mukdary barha artýar. Olardan tejribeli kärendeçi, “Gaýrat” medalynyň eýesi Annadurdy Aňňadow 40 gektar kärende ýerinden pagtanyň, dänäniň bol hasylyny almagy başarýar. Ol şu günler “ak altynyň” kemala gelen hasylyny ýygnamakda öňdäkileriň hatarynda barýar. 8 gektar kärende ýerine eýe gözi bilen garaýan öňdebaryjy kärendeçileriň biri Guwanç Akmyradowyň agzybir, zähmetsöýer maşgalasy hem bu işde gowy netijeleri gazanýar. Daýhan birleşigimiz tarapyndan berilýän hemaýat kärendeçilerimiziň gowy görkezijileri gazanmaklaryna ýardam edýär.