Welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär

16 Oktýabr 2024
348

Yhlas — üstünligiň açary

Ata-babalarymyzyň daýhançylyk bilen baglanyşykly «Tohum al-da ýere bar...» diýen pähimli sözi bar. Bu islendik ekinden bol hasyl almak üçin, ilki bilen, onuň ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň derwaýysdygyny aňladýar. Köp ýyllaryň, uly tejribäniň synagyndan geçen şeýle ýörelgeden ugur alýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlarynyň şu günlerdäki esasy aladasy, agzybirlikli tagallalary ene topraga basym bugdaý tohumyny atmaga gönükdirilýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».