Altyn güýzüň gyzgalaňly günlerinde daýhanlaryň öz gyssaglary özlerinde. «Ak altynly» meýdanlarda yhlasly zähmetleri, maňlaý derleri bilen ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan arzyly pellä ýetmek olaryň esasy maksatlary bolup durýar. Halaç etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň zähmet adamlary hem ýetişdirilen bol hasyly ýygnamak üçin gujur-gaýrata galýarlar. Gowaçaly meýdanlarda iş depgini günsaýyn güýçlenýär.
Daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileri 905 gektar gowaça ekilen meýdandan 2642 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýärler. Hasylyň ýygnalyş depgininden çen tutanyňda hem olaryň bu asylly maksatlaryna ýetjekdiklerine şübhe galmaýar. Eýýäm biziň baran günümiz daýhan birleşiginiň döwlete pagta tabşyrmak baradaky meýilnamasy ýarpa golaýlan eken. Daýhan birleşiginiň başlygy Nurýagdy Mamedow daýhanlaryň gowaçanyň bereketli tohumyny topraga sepenlerinden bäri bol hasyl ýetişdirmek üçin yhlas bilen zähmet çekýändiklerini aýdýar. Olaryň zähmeti ýerine düşüpdir. Şu ýyl ekilen gowaçanyň «Ýolöten-39» görnüşi bol hasylyny eçilipdir.