Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ykdysady pudaklarynda, oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler ýokary derejelere göterilip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň aýdyň miwesi hökmünde Watanyň milli ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna we öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda mynasyp orun almagyna giň mümkinçilikler döretdi.
Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri hem ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşmak bilen, ýylyň-ýylyna dänäniň, «ak altynyň», gök-bakja we miwe önümleriniň müňlerçe tonnasyny Watan harmanyna tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanyp gelýärler.