Şu günler welaýatymyzyň şaly meýdanlarynda bereketli hasyly zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 4450 gektar ýerde şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Munuň üçin kärendeçileriň 192 sanysy arly tomus yhlaslaryny gaýgyrmadylar.
Daýhan birleşiginiň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, şu ýyl şaly oragynda 60-a golaý ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň işledilýändigini, şonuň netijesinde şalyçy kärendeçilerden düzülen 10 toparyň ählisinde-de oragyň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şalyçy kärendeçiler Wepa Öräýewiň 12, Sapa Hojamberdiýewiň 13, Jahangül Gummanowanyň 30, Şamuhammet Aşyrowyň 2 gektar ýerinden gektaryna ortaça 50 — 55 sentner şaly hasyly tabşyrylypdyr.