HABARLAR

Keşdeleriň dünýäsi nurlandyrýar dünýäni

El hünäri il gezer Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda «Keşdeli dünýämiz — nagyşlaryň nagmasy» atly el işleriniň sergi bäsleşigi geçirildi. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligine degişli bolan edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gelin-gyzlarymyz gatnaşdylar.

Maşgalam — baş galam

1992-nji ýylyň 18-nji maýy Konstitusiýanyň kabul edilen senesi bolmak bilen, şol gün  ählihalk baýramy diýlip yglan edildi. Konstitusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň taryhynda möhüm waka bolup, kanunçylygyň ähli ugurlarynyň, şahalarynyň ösüşi üçin ýörelgedir. Esasy Kanunymyzda maşgalany pugtalandyrmaga, maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen ýörelgeleýin kadalar mynasyp orun tutýar. Maşgala döwlet tarapyndan goralýar. Çüňki döwletiň, jemgyýetiň binýadyny düzýän, agzybirlik, adalatlylyk, zähmetsöýerlik, birek-birege hormat goýmak ýaly umumadamzat gymmatlyklary maşgalada kemala gelýär. Maşgala jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasyna laýyklykda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.

Alaja

Alaja türkmen milli el işleriniň ähli görnüşlerine eriş-argaç aralaşyp, özboluşlylygy, gözelligi bilen haýran galdyrýar. Alaja — türkmen halkynyň ajaýyp, täsin sungaty. Nepis hem-de syk örülen alajalar mukaddes öý-ojagymyzyň gapysyndan başlap, tä törüne çenli uzaýan umyt-arzuw, bezeg hem zynat. Alajalar dürli hili bolýar. Biz žurnalymyzyň geçen sanynda ak we gara sapaklardan işilen alajalar barada maglumat beripdik. Geliň, bu sanymyzda bolsa alaja örmegiň bir usulyny öwreneliň. Örüm alajalary dört reňkli sapaklardan saç örülen ýaly örülýär. Gerekli esbaplar:

Ýertudanaly we bananly süýjülik

Gerekli önümler: 4 sany şokolad (alpen gold),

Maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

Şadyýan çagalygyň mekany

Halkymyzyň ruhy hazynasynda «Ejem eli ak pamyk», «Ene — Käbe, ata — Kybla», «Ene eli — em, dili — melhem» ýaly nakyllaryň üsti bilen enelere bolan belent sarpa teswirlenýär. Ene çaga dünýä inen gününden başlap sagdyn, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hoşniýetli, ynsanperwer adam bolup ýetişmegi üçin yhlasly alada edýär. Ogul-gyz hem kämillik ýaşyna ýeteninden soňra ata-enesiniň öňündäki perzentlik borçlaryny berjaý etmäge çalyşýar. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn» diýip, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmekde, bilimi, ylmy, medeniýeti, sungaty, oba hojalygyny we beýleki pudaklary ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlanmagynda eziz ejesiniň ynamynyň uly ornunyň bolandygyny nygtaýar.

Ýaşasyn parahat durmuş

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan: «Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene – dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi».

«Gelen gelin däl»...

Türkmen halkynda «Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin» diýen ajaýyp pähim bar. Hakykatdan hem, gelin bolup, täze maşgala goşulanyňda, ol öýüň düzgünlerine öwrenişip, abyny-tabyny almak üçin wagt gerek. Kähalatda gaýynlar wagty gyssap, täze gelinden derrew ähli zady bilýän öý bikesini ýasajak bolýarlar. Bu ýagdaý bolsa gaýyn-gelniň arasyndaky düşünişmezlige getirýär. Şu ýerde diňe pähim-paýhasly hereket maşgala abraý, agzybirlik, şatlyk getirer. Goňşymyz Hallygül gelnejäniň üçünji ogly Batyr halaşýan gyzy Täzegüle öýlenmekçi bolanda, ejesi: «Men saňa garyndaşymyzyň gyzyny alyp berjek» diýip, närazy boldy. Batyr öz diýenini tutup, Täzegüle öýlendi. Göräýmäge, biri-birini gowy görýän ýaş juwanlar bagtly durmuşda ýaşabermeli ýalydy. Emma Hallygül gelneje gelen gününden maşgalanyň ody bilen girip, küli bilen çykjak gelniniň edýän öý işlerini, edim-gylymyny kabul etmezlige çalyşdy, sähel zada yrsarady. Täzegül welin, sabyr-kanagada berlip, ýanýoldaşynyň, onuň doganlarynyň, gaýynlarynyň göwnüni tapmak üçin kökenek boldy. Baldyzlaryny daşyna üýşürip, bileje tagam taýýarlady, keşde çekdi, gaýma gaýady. Dünýä inen perzentlerine-de daş-töweregine mähirli bolmagy ündedi. Ynsana mahsus bolan asyllylygy, ile-güne, Watana wepaly bolmagy, özüňden ululara

Uzak ýaş — ömre dowam

Bu hakykat tüýs Sarygül enä aýdylaýan ýaly bolup dur. Çünki oňa ömrüni bir asyrdan aňry uzaltmak başardypdyr. Doglan senesinden, ýagny 1908-nji ýylyň ýanwar aýyndan hasaplasaň, Sarygül enäniň ýaşy 115-den geçýär. Döwletli ojagyň törüni bezän ene daş-töweregine üýşen agtyk-çowluklaryny sesinden tanap otyr. Şol günem saý-sebäp bilen gelmedik agtyk-çowluklarynyň birki sanysynyň adyny tutup: «Seslerini eşidemok welin, janlary bir sagmyka? Näme üçin gelmeýärler?» diýip sorady. Agtyk gelni Gülruh: «Ene, olar ertir geljekler» diýensoň, ene köşeşdi. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda, çülpe çaganyň ejesi, döwletli maşgalanyň bikesidi. Ýanýoldaşy Watan goragyna gidensoň, çagalaryň keşigi onuň boýnuna galypdy. Şol döwrüň güzaply, kynçylykly günlerini ýatlanda, Sarygül enäniň gasyn basan gözlerinde ýaş göründi.

Meniň pikirimçe

Ykballar bagtdan ýalkansyn! Durmuş çözmesi kyn bolan juda çylşyrymly meselä çalymdaş. Bu, aýratynam, ýaňy durmuş gurup, maşgala bolýan ýaş gelinler üçin şeýle. Adam başyna düşýän kynçylyklary ýeňip geçmek üçin dünýägaraýyşyny, gözýetimini, düşünjesini giň saklamaly, akyl-paýhasyny çuň tutmaly hem-de örän sabyrly we geçirimli bolmaly. Beýle bolmak, esasan-da, gaýyn-gelin gatnaşygynda zerurdyr. Meniň pikirimçe, gaýynene öz çagalary bilen gelniniň arasynda ýakymly gatnaşygy saklasa, maşgalada hiç hili dawa-jenjelem, goh-galmagalam bolmazmykan diýýän.