El hünäri il gezer
Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda «Keşdeli dünýämiz — nagyşlaryň nagmasy» atly el işleriniň sergi bäsleşigi geçirildi. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligine degişli bolan edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gelin-gyzlarymyz gatnaşdylar.